Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowa saýlawlarynda liberal koalisiýa öňe saýlanýar


Ýekşenbe güni Moldowada geçirilen parlament saýlawlarynyň deslapky netijelerine görä, ýurduň Günbatara tarapdar liberal koalisiýasynyň wekilleri Kommunistik partiýanyň wekillerinden üstün çykmagy başardylar.

Sesleriň 95%-i sanaldy. Häzirki netijä görä, liberal koalisiýa umumy sesleriň 51%-ni, kommunistler bolsa 40.5%-ni alypdyr. Liberal koalisiýanyň bu köpçüligi parlamentdäki 101 ornuň 61-ni eýeleýär. Bu bolsa ýurduň prezidentini saýlamak üçin ýeterlik däl.

Moldowanyň Konstitusiýasyna görä, ýurduň prezidentini parlament saýlamaly.

Moldowanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Iurie Kiokanyň aýtmagyna görä, bu saýlawlarda ýurduň daşynda ýaşaýan raýatlaryň 65,000 töweregi ses beripdir.

Saýlawlaryň ahyrky netijeleri şu gün yglan ediler.
XS
SM
MD
LG