Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda Halkara koalisiýa güýçleriniň alty esgeri öldi


Şu gün Owganystanda Halkara koalisiýa güýçleriniň hataryndan alty esger öldi.

Owganystanyň Nangarhar welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Ahmad Zia Abdul Zainyň aýtmagyna görä, NATO-nyň esgerleri ýerli howpsuzlyk güýçleri bilen türgenleşik geçirýän wagty owgan polisiýasynyň işgäri olara ot açypdyr.

Bu wakada halkara güýçleriniň hataryndan alty adam we hüjümçiniň özi ölüpdir.

Halkara koalisýanyň hataryndan ölen esgerler barada entek goşmaça maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG