Sepleriň elýeterliligi

Eýran bilen geçiriljek gepleşikleriň wagty ‘ylalaşyldy’


Şu gün Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad dünýäniň iri alty döwleti bilen geçiriljek gepleşikleriň wagty boýunça ylalaşylandygyny aýtdy.

Ahmedinejad gepleşikleriň geçiriljek ýeri barada entek ylalaşyga gelinmändigini hem sözüne goşdy.

"Biz häzirem gepleşikleriň geçiriljek ýeri barada gürrüň edýäris. Ýöne meniň pikirimçe, bu mesele barada hiç hili kynçylyk bolmaz” diýip, Eýranyň prezidenti çykyş etdi.

Birleşen Ştatlar, Orsýet, Fransiýa, Britaniýa, Hytaý we Germaniýa gepleşikleriň esasy temasynyň Eýranyň dawaly ýadro programmasy barada bolmalydygyny öňe sürýärler.

Emma Tähran gepleşikleriň dowamynda ýurduň urany baýlaşdyrmak programmasynyň maslahat edilmejekdigini öňe sürýär.

Günbatar döwletleri Eýrany ýadro ýaragyny döretmek synanyşygynda aýyplaýarlar. Eýran bu aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG