Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hazaryň ekologiýasy barada Halkara konferensiýa geçiriler


Türkmenistan we Azerbaýjan Hazaryň ekologiýa meselelerini maslahat etmek üçin Bakuda Halkara konferensiýa geçirer.

Bakuda geçirilen türkmen-azeri ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň ikinji hökümetara gepleşiklerinde Hazaryň ekologiýa meselesini maslahat etmek üçin Halkara konferensiýany geçirmek barada ylalaşyldy.

Bu gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, ýangyç-energiýa, transport, aragatnaşyk we gumanitar pudaklarynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklary baradaky protokola gol goýdular.
XS
SM
MD
LG