Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WikiLeaks” Türkmenistandaky wakalar barada ýazýar


“WikiLeaks” internet saýtynda ýerleşdirilen ABŞ-nyň 250 müň sany gizlin diplomatik telegrammalarynyň tekstleriniň arasynda Türkmenistan bilen baglanyşykly materiallar hem bar.

Maglumatlarda 2009-njy ýylyň fewral aýynda Aşgabadyň ‘Gowdan’ gümrük nokadynda Eýranyň Türkmenistandan çykyp barýan diplomatik konteýnerinde AK-47 ýaraglarynyň, snaýper tüpeňleriniň we ok-därileriň tapylandygy aýdylýar. Ýaraglar iki sany türkmen halysynyň aşagynda gizlenipdir.

Maglumata görä, bir hepde soň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmisi Aşgabat gümrük nokadyna iş bilen baran Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýerli işgärleriniň birine özara gürrüňdeşlikde bu waka barada aýdyp beripdir. ABŞ-nyň ilçihanasyna bu barada resmi maglumat gowuşmandyr.

Başga bir maglumatda aýdylmagyna görä, şol ýylyň fewral aýynda prezident Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine radioaktiw galyndylary daşamak we gömmek boýunça Orsýetiň “Ekomet-S” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga rugsat beripdir. Ol galyndylar Hazaryň himiýa zawodyndan we Balkanabadyň ýod zawodyndan çykypdyr.

17-nji fewralda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Hüseýin Byçakly Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Riçard Maýls bilen bolan duşuşykda Türkmenistan bilen Orsýetiň Türkmenistanda täzeden uran öndürip başlamak planlary baradaky maglumatlar boýunça alada bildiripdir.

Türkiýäniň Türkmenistandaky baş diplomaty Hüseýin Byçakly öz çeşmelerinden şol ýylyň ýanwar aýynda Orsýetiň harby delegasiýasynyň Gyzylgaýadaky öňki 'uran' zawodyna barandygyny öwrenipdir. Balkan welaýatynda ýerleşýän Gyzylgaýada Sowet Soýuzy döwründe uran öndürýän zawod bardy.

Byçakly Orsýetden Eýrana tarap Türkmenistanyň üsti bilen çekilmegi planlaşdyrylýan 700 kilometrlik demirýol taslamasy bilen hem ors delegasiýasynyň tanyşdyrylandygyny aýdyp, Türkmenistanda işlenen urany Eýrana daşamak üçin bu marşrutyň ulanyljakdygy barada gep-gürrüňleriň bardygyny duýdurypdyr.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Hüseýin Byçakly özünde bar bolan şol maglumatlaryň çeşmesini görkezmändir. Emma işlenen urany Eýrana daşamak boýunça Türkmenistanyň Orsýet bilen işleşmegi, hususan-da bu işi gizlin amala aşyrmagy Türkmenistanyň bitaraplygyk syýasatyna çapraz gelýär diýipdir.
XS
SM
MD
LG