Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG: adam hukuklaryna garaldy


ÝHHG-niň Astandaky konferensiýasynda adam hukuklaryna, kanunlara we demokratiýa hormat goýulmagyna degişli düzgünlere garaldy.

ÝHHG-niň Astandaky konferensiýasynda adam hukuklaryna, kanunlara we demokratiýa hormat goýulmagyna degişli düzgünlere garaldy.

28-29-njy noýabrda Gazagystanyň paýtagty Astanada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň forumynyň ýanynda graždan jemgyýetçiliginiň alternatiw konferensiýasy geçirildi. Bu konferensiýa YHHG-niň agza döwletlerindäki graždan aktiwistleri gatnaşdylar.

Duşuşykda YHHG-niň howpsuzlyk konsepsiýasynyň esasyny düzýän adam hukuklaryna we esasy azatlyklaryna, kanunlara hormat goýmak we olaryň doly ýerine ýetirilmegini gazanmak meselesinde degişli hökümetleriň graždan jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk etmegi barada maslahat edildi.

Konferensiýada çykyş edenler maslahata goýlan meseleler boýunça ÝHHG-e dürli teklipleri hödürlediler, şeýle hem bu ugurda ýörite dokument kabul etmek barada maslahat etdiler. Graždan jemgyýetçiliginiň alternatiw konferensiýasyna Gazagystanyň hökümetiniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Merkezi Aziýa aýratynlykda garaldy

Konferensiýanyň çäginde Merkezi Aziýa bagyşlanyp geçirilen ýörite mejlisiň dowamynda Ýewropada hereket edýän “Türkmenistanyň demokratik graždan bileleşiginiň” ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mämmedow ÝHHG-niň giňişliginde iň agyr problemaly region hökmünde Merkezi Aziýa aýratyn üns berilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Merkezi Aziýa bagyşlanyp geçirilen bu sessiýada Wýaçeslaw Mämmedow Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň adyndan çykyş edıp, Türkmenistandaky adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ýagdaýyna ünsi çekdi.

Türkmenistandaky metbugat azatlygynyň ýagdaýy barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň direktory Oguljemal Ýazlyýewa ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy özüniň Türkmenistandaky žurnalistleriniň dürli päsgelçiliklere sezewar edilýändiklerini nygtady. Olaryň ýurduň içinde erkin işlemeklerine mümkinçilik döredilmegi boýunça türkmen hökümeti bilen yörite gepleşik geçirmekligiň zerurlygy ÝHHG-e bildirildi.

Türkmen režimi

Merkezi Aziýa boýunça mejlisi alyp baran “Wremýa Nowosteý” gazetiniň synçysy Arkadiý Dubnowyň Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň 19 wekiliniň adyndan okan açyk hatynda ýurtdaky graždan jemgyýetçiliginiň diňe gizlin hereket etmäge mejbur bolýandygyna, häkimiýetleriň islendik graždan aktiwligini yzarlaýandygyna üns çekildi.

Şeýle-de türkmenistanly graždan aktiwistleriniň ÝHHG-niň Astanadaky çärelerine gatnaşmagyna türkmen häkimiýetleriniň öý tussaglygy we gorkuzmalar ýaly basyşlar bilen, Gazagystanyň häkimiýetleriniň bolsa wiza bermezlik ýaly çäreler bilen päsgelçilik döredenligi mälim edildi.

Gazagystanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň graždan jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen şu ýylky konferensiýalary türkmen aktiwistleriniň we dissidentleriniň gatnaşmagyna päsgelçilikleriň döredilmegi bilen tapawutlandy.

Gazagystanyň paýtagty Astanadaky konferensiýa gatnaşmakçy bolan Ýewropada ýaşaýan türkmen aktiwisti Annadyrdy Hajyýewe hem Gazagystanyň wizasy berlen hem bolsa, oňa Astanada tussag edilmek we Türkmenistana tabşyrylmak howpunyň bardygy duýduryldy.

ÝHHG-niň konseptual ugurlary


ÝHHG-niň resmi maglumatlarynda Warşawada, Wenada we Astanada jemi 17 günüň dowamynda geçirilen konferensiýalarda hökümede degişli bolmadyk guramalaryň we graždan jemgyýetçiliginiň azyndan 530-nyň wekilleri bilen açyk diskussiýlaryň edilenligi habar berilýär.

ÝHHG-niň häzirki başlyklygyny alyp barýan Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Konstantin Žigalow "ÝHHG-niň duşuşyklarynyň uly ähmiýeti graždan jemgyýetçiliginiň we hökümete degişli däl guramalaryň gatnaşmaklaryna mümkinçiligiň döredilmeginden ybarat" diýip nygtady.

ÝHHG-niň Astandaky we Warşawadaky konferensiýalarynda adam hukuklaryna, kanunlara we demokratiýa hormat goýulmagyna degişli düzgünlere garaldy. Wenadaky duşuşyklar bolsa ÝHHG-niň esasan harby-ykdysady we ykdysady-ekologiýa boýunça alyp barýan işlerine bagyşlandy.

1-2-nji dekabrda Astanada ÝHHG-niň ýokary derejeli sammiti geçiriler. Oňa Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň, Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Ban Ki-munuň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Duşuşyga türkmen prezidentiniň hem barjakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG