Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň Oş şäherinde dört söweşiji öldürildi


Düýn Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäherinde bir ýaşaýyş jaýynda daşy gabalan ekstremistlere garşy operasiýada ýörite bölümiň iki harbysy ýaralandy.

Bu wakada terroristik işlere gatnaşykda güman edilýän dört söweşiji öldürildi. Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Marat Imankulow: “Jaýa golaýlanymyzda awtomatik ýaragdan ot açydalr hem granat zyňdylar. Netijede ýörite bölümiň iki işgäri ýaralandy” diýip, maglumat berdi.

Ol Oşda kanun goraýjy organlaryň ýagdaýa kontrollyk edýändigini, ilat arasynda dowul üçin esasyň ýokdugyny nygtady.
XS
SM
MD
LG