Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli belli şahyra Bella Ahmadullina aradan çykdy


Belli sowet hem rus şahyrasy, ýazyjysy hem terjimeçisi Bella Ahmadullina düýn 73 ýaşynda aradan çykdy.

Ahmadullina Orsýet Ýazyjylar birleşiginiň, Orsýet PEN-merkeziniň agzasy, Amerikanyň sungat we edebiýat Akademiýasynyň hormatly agzasydyr.

Ol 1979-njy ýylda çykan “Metropol'” atly edebi almanahy döretmäge gatnaşypdy.

Ahmadullinanyň aradan çykmagy zerarly onuň ýakynlaryna Orsýetiň prezidenti we hökümet başlygy gynanç bildirdiler.
XS
SM
MD
LG