Sepleriň elýeterliligi

Bosniýadaky uruşda zorlanan aýallar protest bildirýärler


Bosniýadaky uruş wagty zorlamalaryň pidasy bolan aýallar düýn açyk hat ýaýradyp, onda Bosniýadaky uruş barada filmi surata düşürýän režissýor Anjelina Jolini “nadan” diýip atlandyrypdyrlar.

Hatyň awtorlary BMG-niň Bosgunlaryň baradaky edarasynyň «hoşniýetli erk-islegiň ilçisi» diýen atdan bu aktrisany mahrum etmek haýyşy bilen BMG-ä ýüzlenipdirler.

Zenanlar özlerini alada goýýan problemalary maslahat etmek üçin Anjelina Joliniň özleri bilen ýeke gezek hem duşuşmandygyny nygtaýarlar.

Oktýabr aýynda surata düşürilip başlanan film 1990-njy ýyllaryň birinji ýarymynda Bosniýada uruş gidýän wagty serb ýigidi bilen bosniýaly gyzyň arasyndaky söýgini beýan edýär.

Balkanlardaky uruş wagty jebir çeken aýallaryň Assosiasiýasynyň protestleri sebäpli filmiň esasy bölegi Wengriýada surata düşürildi.
XS
SM
MD
LG