Sepleriň elýeterliligi

Müsürde oppozisiýa protest aksiýalaryny geçirdi


Ýekşenbe güni Müsürde geçirilen parlament saýlawlaryny gaplaşdyrylan hasap edýän oppozisiýa wekilleri Müsüriň ençeme şäherinde protest aksiýalaryny geçirdiler.

Ýurtdaky iň uly “Musulman doganlar” oppozision partiýasy saýlawlarda ýeňlendigini boýun alsa-da, saýlawlarda gurnalan galplyklaryň bu partiýanyň alan seslerine ýaramaz täsir edendigini öňe sürýär.

“Musulman doganlar” we beýleki oppozision partiýalaryň wekilleri bidüzgünçiliklere gatnaşdylar. Ençeme maşyn ýakyldy, polisiýa bilen çaknyşyklar boldy.

Müsürde geçirilen bu parlament saýlawlarynda saýlaw uçastoklaryna halkara synçylary goýberilmedi. Saýlawlaryň resmi netijeleriniň şu gün yglan edilerine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG