Sepleriň elýeterliligi

Bişkekde partlama boldy


Şu gün Bişkekde bolan partlamada polisiýanyň iki işgäri bilen bir ýerli şepagat uýasy ýaralandy.


Gyrgyzystanyň häkimiýetleri bu partlama daşary ýurtlarda tälim alan ýaragly söweşijiler tarapyndan gurnalandyr diýlip güman edilýändigini aýdýarlar.

Partlama Bişkekdäki iň uly sport stadionynyň golaýynda amala aşyryldy. Hut şol sport kompleksiniň binasynda ýurduň ozalky prezidenti Kurmanbak Bakyýewiň we onuň käbir ýakyn egindeşleriniň işi boýunça sud diňlenişigi alnyp barylýar. Bu gürrüňi edilýän ozalky hökümet resmileri şu ýylyň aprelinde protestçilere garşy ýarag ulanmak wakasy bilen baglanyşykly aýyplanýarlar.

Bu günki partlama Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň hem Bişkege etjek saparynyň birnäçe gün öňýany ýüz berdi.

Edil şu wakanyň öňýany Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň günortasyndaky Oş şäherinde ýaragly söweşijileriň bir topary bilen çaknyşypdylar. Mundan daşary, geçen hepde ýerli häkimiýetler Bişkekde birgiden bikanun ok-ýaraglaryň ele salnandygyny we terror hüjümlerini amala aşyrmakçy bolan dokuz adamyň tussag edilendigini hem habar berdiler.

«Şol bir zynjyryň halkalary»

Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy Marat Imankulow bu soňky üç wakanyň üçüsiniň-de biri-biri bilen baglanyşyklydygyny öňe sürdi: «22-nji noýabrda Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň partlaýyjy maddalary we elde ýasalan partlaýyjy enjamlary konfiskasiýa etmekleri bilen baglanyşykly waka, şeýle hem, howpsuzlyk güýçleriniň Oşda terror guramalary bilen baglylykda güman edilýän adamlara garşy düýnki geçiren ýörite operasiýasy we Bişkekdäki sport stadionynyň golaýnda şu günki ýüz beren partlama - bularyň hemmesem men şol bir zynjyryň halkalary diýip hasaplaýaryn».

Marat Imankulow bu üç wakanyň hemmesiniňem aňyrsynda Päkistanda we Owganystanda hereket edýän Al-Kaýda, Talyban we Özbegistanyň Yslam Hereketi ýaly guramalara degişli lagerlerde tälim alan söweşijileriň duran bolmaklarynyň mümkindigini aýtdy.

Ol ýörite tälim almadyk adaty adamlaryň bular ýaly partlaýyjy enjamlary ýasap bilmejekdiklerini belledi.

Mundan daşary, Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy Marat Imankulow Bişkekde amala aşyrylan bu günki partlamanyň ýurduň ozalky ýokary derejeli resmilerine garşy dowam edýän sud prosesine päsgel bermek we ýurtdaky demokratik proseslere böwet bolmak maksady bilen amala aşyrylan çäredigini öňe sürdi.

Gyrgyzystanyň ynjyk meselesi

Düýn Oşda ýerli musulman ymamlaryndan biri Farkat Nurmatowyň öýüniň golaýynda geçirilen howpsuzlyk operasiýasynda dört sany ýaragly söweşiji öldürildi.

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri Bişkekde we Oş regionynda gizlinlik bilen hereket edýän terrorçy elementlere garşy geçen aýdan bäri ýörite operasiýalaryň alnyp barlandygyny aýdýarlar.

Ýöne şu günki güne çenli Gyrgyzystandaky wakalarda Özbegistanyň Yslam Hereketiniň eliniň bardygyny görkezýän anyk alamatlar welin göze ilenok.

On ýyl töweregi mundan ozal, ýagny, 1999-njy we 2000-nji ýyllarda bu yslamçy gurama Gyrgyzystanyň günortasynda ýurduň käbir raýatlaryny, şeýle hem Ýaponiýanyň we Birleşen Ştatlaryň raýatlaryny zamun almak ýaly çäreleri gurnapdy. Ýöne ahyrky netijede ol zamun alnanlaryň hemmesi zamunlykdan sag-salamat boşadylypdy.

Şu ýylyň aprelinde Gyrgyzystanda häkimiýet agdarylyşygyna getiren ganly wakalardan soň bu ýurtda howpsuzlyk we durnuklylyk meselesi örän ynjyk mesele bolmagynda galýar.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG