Sepleriň elýeterliligi

Medwedew parlamentde ýyllyk ýüzlenme bilen çykyş etdi


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýurduň parlamentiniň iki palatasynyň hem wekillerine ýüzlenip çykyş etdi. Prezident Medwedew özüniň bu ýyllyk ýüzlenmesinde ýurduň gazanan ykdysady üstünlikleri barada durup geçdi.

Şeýle-de Medwedew dünýäniň ykdysady krizisiniň käbir ýaramaz netijeleriniň henizem aradan aýrylmandygyny belledi.

"Ykdysady ýagdaý entegem çylşyrymly. Ykdysady krizisiň ähli ýaramaz netijeleriniň etnek aradan aýrylmandygyny biz boýun almalydyrys. Ýöne muňa garamzdan, biz öz sosial programalarymyzy durmuşa geçirmägi dowam etdireris” diýip, prezident Medwedýew belledi.

Prezident Medwedew häzir Orsýetde 5 million işsiz adamyň bardygny, ýöne bu görkezijiniň ykdysady krizisiň has ýaýbaňlanan wagty bilen deňeşdirilende, 2 million adam azdygyny hem belläp geçdi.
XS
SM
MD
LG