Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz parlamentinde koalisiýa düzmek barada ylalaşyldy


Şu gün Gyrgyzystanyň parlamentinde üç partiýadan ybarat hökümet koalisiýasyny düzmek boýunça ylalaşyga gelindi.

Gyrgyz parlamentiniň häzirki spikeri Tashpolot Baltabaýewiň aýtmagyna görä, Sosial-Demokrat, Respublika we Ata Meken partiýalary koalisiýany düzmek boýunça degişli ylalaşyga eýýäm gol goýupdyrlar.

Gyrgyzystanda 10-njy oktýabrda geçirlen saýlawlaryň netijelerinde parlamentiň düzümine bäş partiýa girmegi başarypdy. Emma şol partiýalaryň hiç biri sesleriň ýeterlik köpçüligini gazanyp bilmändi.

Täze hökümetiň premýer-ministri wezipesine Sosial-Demokratlar partiýasynyň ýolbaşçysy Almazbek Atambaýew, premýer-ministriň orunbasary wezipesine Respublika partiýasynyň ýolbaşçysy Ömürbek Babanow, şeýle-de parlametniň spikeri wezipesine Ata Meken partiýasynyň başlygy Ömürbek Tekebaýew hödür edildi.
XS
SM
MD
LG