Sepleriň elýeterliligi

Amerikada zamun alnan okuwçylar azat edildi


Birleşen Ştatlaryň Wiskonsin ştatynda zamun alnan okuwçylar şu gün azat edildi.

Polisiýanyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, Marinette şäheriniň mekdebinde zamun alnan 23 sany okuwçy we mugallym azat edilipdir. Zamun alnanlaryň hiç birine şikes ýetmändir.

Polisiýanyň operasiýasy netijesinde, zamun alyjy özüni atyp öldüripdir. Ýöne onuň anyk şahsyýeti we eden talaplary barada häzirlikçe maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG