Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda özboluşly şypahana bolan Mollagaranyň durky täzelener diýip, ýakynda türkmen metbugaty habar beripdi.

Mollagara köli Balkanabadyň (öňki Nebitdagyň) golaýyndaky Jebel şäherçesiniň ýanynda ýerleşýär. Kölüň düzüminde hloridler we sulfat natrisi, magniý, demir, brom duzlary we beýleki minerallara baý, bejeriş häsiýetleri bilen tapawutlanýan palçyk bar.

Mollagara şypahanasyna 1910-njy ýylda bejeriş edarasy derejesi berilipdi we şu ýyl oňa 100 ýyl dolýar.

Türkmen hökümetiniň planlaryna laýyklykda, geljekde Mollagarada täze bejeriş binalaryny öz içine alýan döwrebap şypahana şäherçesi gurlar.

Mollagara şypahanasynyň hyzmatlarynyň çägi dynç alýanlaryň, Mollagara kölüne diňe birnäçe günlük gelýänleriň ambulatoriýa bejerişiniň hasabyna giňeler diýlip, habar berilýär.

Emma häzirki wagtda bu şypahana dynç almaga barýan Türkmenistanyň ýaşaýjylar sagaldyş edarasynyň hyzmatlaryndan nägile.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa Marydan Mollagara dynç almaga gelen bir zenan bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmani basyň.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG