Sepleriň elýeterliligi

“WikiLeaks” dokumentlerinde Türkmenistan


“WikiLeaks” internet saýty tarapyndan ýaýradylan gizlin dokumentler halkara metbugaty aýaga galdyrdy.

“WikiLeaks” internet saýty tarapyndan ýaýradylan gizlin dokumentler halkara metbugaty aýaga galdyrdy.

Ýakynda “WikiLeaks” internet saýty tarapyndan ýaýradylan gizlin dokumentler halkara informasion giňişligini aýaga galdyrdy. ABŞ-nyň döwlet syry hasaplanýan 250 müňden gowrak dokumentler ýurduň syýasy, howpsuzlyk we diplomatik ugurlaryna degişli hatlardan we telegrammalardan ybarat.

“Ýaragly” diplomatik konteýner

“WikiLeaks” saýtynyň ýaýradan soňky maglumatlary Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýokary derejeli diplomatlarynyň ýollan dört telegrammasyny hem öz içine alýar. Ol telegrammalaryň ikisi Türkmenistanyň hut özüne degişli meseleler bilen baglanyşykly.

2009-njy ýylyň fewral aýynda Aşgabadyň ‘Gowdan’ gümrük nokadynda Eýranyň Türkmenistandan ugradylan diplomatik konteýnerinde AK-47 ýaraglarynyň, snaýper tüpeňleriniň we ok-därileriň tapylanlygy aýdylýar. Ýaraglar iki sany türkmen halysynyň aşagynda gizlenipdir.

Maglumata görä, agzalýan ýaraglar ele salnandan bir hepde soň, Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bir ýerli işgäri Aşgabat gümrük nokadyna iş bilen baranda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmisi oňa bu waka barada gürrüň beripdir.

“Eurasia.Net” neşiri ABŞ-nyň Türkmenistandaky köpden bäri ilçisiz işleýän ilçihanasynyň bu meselelerdäki roluna ünsi çekýär. Bu neşir Türkmenistan-Eýran serhedindäki gözegçilik nokatlarynyň abzallaşdyrylmagyna we türkmen serhetçileriniň türgenleşdirilmegine ABŞ-nyň uly goşant goşandygyny belleýär.

“Neweurasia.net” neşiriniň blogçysy Kristofer Şwarts bolsa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy amerikan razwedkasynyň we diplomatik operasiýalarynyň Merkezi Aziýadaky esasy merkezi diýip, çak edýär. Ol Eýran bilen serhetleşýän Türkmenistanyň geosyýasy taýdan amatly ýerdigini belleýär.

Uran hyzmatdaşlygy

“WikiLeaks” saýtynyň ýaýradan maglumatlarynyň ýene biri Türkmenistanyň uran galyndylary boýunça Orsýet bilen hyzmatdaşlygyna degişli. Dokument 2009-njy ýylyň 24-nji fewralynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky şol wagtky baş diplomaty Riçard Maýlsyň Aşgabatdan ýollan diplomatik hatyny görkezýär.

2009-njy ýylyň fewral aýynda prezident G.Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Orsýetiň “Ekomet-S” kompaniýasy bilen radioaktiw galyndylary aýyrmak boýunça şertnama baglaşmaga rugsat beripdir. Galyndylar Hazaryň himiýa zawodyndan we Balkanabadyň ýod zawodyndan çykarylypdyr.

17-nji fewralda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Hüseýin Byçakly Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Riçard Maýls bilen duşuşygynda Türkmenistan bilen Orsýetiň Türkmenistanda täzeden uran öndürip başlamak planlary baradaky maglumatlar boýunça alada bildiripdir.

Türkiýäniň Türkmenistandaky baş diplomaty Hüseýin Byçakly öz çeşmelerinden şol ýylyň ýanwar aýynda Orsýetiň harby delegasiýasynyň Gyzylgaýadaky öňki uran zawodyna barandygyny anyklapdyr. Sowet Soýuzy döwründe Balkandaky Gyzylgaýada uran öndürýän zawod bardy.

Ilçi Byçakly Orsýetden Eýrana tarap Türkmenistanyň üsti bilen çekiljek 700 kilometrlik demirýol taslamasy bilen ors delegasiýasynyň tanyşdyrylandygyny aýdyp, Türkmenistanda işlenen urany Eýrana daşamak üçin bu marşrutyň ulanyljakdygy barada gep-gürrüňleriň bardygyny duýdurypdyr.

Türkiýäniň ilçisi Hüseýin Byçakly özünde bar bolan şol maglumatlaryň çeşmesini görkezmändir. Emma ol işlenen urany Eýrana daşamak boýunça Türkmenistanyň Orsýet bilen işleşmegi, hususan-da bu işi gizlin amala aşyrmagy Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna ters gelýär diýip belläpdir.

“Ne täzelik, ne-de syr”

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň edarasy
Orsýetiň Ylymlar akademiýasynyň Ähliumumy taryh institutynyň Balkan, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ylmy-barlag merkeziniň ýolbaşçysy Artýom Ulunýan “WikiLeaks” saýtynda Türkmenistan barada peýda bolan maglumatlaryň hakykata gabat gelýänligine hiç hili şübhelenmeýär.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Ulunýan “WikiLeaks” saýtynda çap edilen Türkmenistana degişli maglumatlaryň bu ýurdy öwrenýän bilermenler üçin täzelik bolmanlygyny we şol meseleleriň açyk informasiýa çeşmelerinde ol ýa beýleki görnüşde öňden bäri gozgalyp gelýänligini belleýär.

“Çap edilen bolan maglumatlar “syrly” diýlip ýaýradylan hem bolsa, hakykatda ol ýerde syrly maglumat ýok. Sebäbi “WikiLeaks” saýtynyň ýaýradan maglumatlaryndaky agzalan wakalar degişli döwletleriň şu çaka çenli amala aşyryp gelýän syýasatyna çapraz gelmeýär” diýip, Ulunýan aýdýar.

Türkmenistanyň Türkiýedäki öňki ilçisi Nurmuhamet Hanamowyň pikirine görä, “WikiLeaks” saýtynyň maglumatlary resmi derejede tassyklanmadyk hem bolsa, şeýle maglumatlaryň peýda bolmagy hiç bir meseläniň ýaşyryn saklanyp bilinmejekdiginiň we iru-giç ýüze çykjakdygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy “WikiLeaks” saýtynyň ýaýradan maglumatlary boýunça Azatlyk Radiosyna kommentariýa bermekden saklandy. Bu habarlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň informasiýa bölüminde hem teswirlemekden boýun gaçyrdylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG