Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlar 10 kompaniýa garşy sanksiýa girizýär


Sişenbe güni ABŞ-nyň Maliýe ministrligi Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykda güman edilýän 10 sany kommersiýa firmasynyň garşysyna sanksiýa girizilýändigini yglan etdi.

Bu ýerde gürrüň Men adasyndaky sekiz kompaniýa, şeýle-de Malaýziýadaky we Şweýsariýadaky firmalar barasynda barýar.

Eýranda köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň bolmazlygy üçin girizilen sanksiýalardan öwrüm edip geçmäge şol kompaniýalaryň ýardam edendigi tassyklanýar.

Şol 10 firma eýýäm garşysyna amerikan maliýe çäklendirmeleri hereket edýän Eýranyň “Millet” bankynyň we Eýranyň döwlet gämiçilik kompaniýasynyň hasabyna açylandyr diýip, Waşingtonda çaklaýarlar.
XS
SM
MD
LG