Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanda ýanan oba gumanitar kömek taýýarlanýar


Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi Dagystanyň Suntin etrabynda ýanan dagyň depesindäki Sibari obasynyň ilaty üçin gumanitar ýükli kerwen taýýarlaýar.

Ministrligiň regiondaky edarasy jebir çekenler üçin ýorgan-düşek, çadyrlary, meýdan aşhanasyny, iň zerur harytlary ýangyndan ýygnaýar.

Düýnki bolan ýangyndan obada sanlyja öý, mekdep, çagalar bagy hem medisina nokady aman galdy. Adamlara zyýan ýetmedi.

Bu betbagçylyga ot ýakylandaky geleňsizlik sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG