Sepleriň elýeterliligi

Obama START şertnamasynyň makullanmagyna aýak direýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hüjüm ediji strategik ýaraglary çäklendirmek baradaky täze ABŞ-Russiýa şertnamasyny ýakyn wagtda Senatyň makullamagyna aýak direýär.

Bu barasynda düýn Ak Tamda amerikan Kongresiniň liderleri bilen duşuşykda gürrüň boldy. Barak Obama bu şertnamanyň ABŞ-nyň howpsuzlygy üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Ýakynda Kongrese geçirilen saýlawlarda uly üstünlik gazanan Respublikan partiýanyň ençeme deputaty şernamanyň makullanmagyna garşy çykýarlar.

Şunuň bilen bagly Obama tarapyndan goldanýan demokratlar parlamentiň düzümi täzelenmänkä dokumenti Senatdan geçirmäge çalyşýarlar.
XS
SM
MD
LG