Sepleriň elýeterliligi

Adam öldürmegiň derejesi boýunça Litwa ÝB-de birinji orunda


Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda adam öldürmegiň derejesi Litwada iň ýokary diýlip, guramanyň statistik edarasy - Ýewrostatyň çap eden hasabatynda bellenýär.

Onuň maglumatyna görä, ýylda Litwada her ýüz müň adama 9 adam öldürme düşýär. Ikinji orunda Estoniýa bolup, şol görkeziji 6,6-a deňdir.

Bu görkezijiniň ÝB-de iň pes derejesi Awstriýada, Germaniýada we Sloweniýadadyr.
XS
SM
MD
LG