Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri satylar


Orsýetiň hökümete degişli köpçülikleýin habar serişdeleri satylar. Bu barasynda Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Arkadiý Dworkowiç Dmitriý Medwedewiň parlamente ýüzlenmesinde aýdan “zawodlaryň, gazetleriň , gämileriň eýesi döwlet organlary bolmaly däldir” diýen tezisine düşündiriş bermek bilen žurnalistlere aýtdy.

Dworkowiçiň sözlerine görä, köpçülikleýin habar serişdelerini hususylaşdyrmak barada häzirlikçe anyk karar kabul edilmändir.
XS
SM
MD
LG