Sepleriň elýeterliligi

Londonda proteste çykan 150 töweregi student saklandy


Düýn Londonda bilim üçin tölegleriň galdyrylmagyna garşy studentleriň protest aksiýalaryna gatnaşyjylaryň 150 töweregi saklandy.

Britan paýtagtynyň Trifalgar meýdanynda manifestasiýaçylar bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyklaryň bolandygy habar berilýär.

Beýik Britaniýanyň beýleki üç şäherinde - Birmengemde, Bristolda we Şeffilde aksiýalar hiç bir çaknyşyksyz, parahat geçdi.

Hökümetiň bilim üçin çykdajylary azaltmak plany nägilelikler döretdi.

Şol plana görä, uniwersitetlere okuw üçin tölegi galdyrmaga, käbir halatlarda üç esse ýokarlandyrmaga rugsat berilýär.
XS
SM
MD
LG