Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“WikiLeaks” saýtyny esaslandyryja halkara gözleg yglan edildi


Interpol “WikiLeaks” internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanja halkara gözlegini yglan etdi.

Mundan öň jynsy gatnaşyga çekmäge synanyşykda aýyplap, oňa Şwesiýa halkara gözlegini yglan edipdi.

Häzir nirededigi belli bolmaýan Assanj özüne bildirilýän günäleri ret edýär.

Hepdäniň bazar güni “WikiLeaks” ABŞ-nyň müňlerçe gizlin diplomatik dokumentlerini çap edenden soň Assanjyň ady dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezine geçdi.
XS
SM
MD
LG