Sepleriň elýeterliligi

Ban Ki-mun Howpsuzlyk Geňeşini giňeltmegiň tarapynda


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun özüniň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine has kän agza goşmagyň tarapyndadygyny aýdýar. Ol Azatlyk radiosyna beren interwýusynda BMG-niň häzirki 15, şol sanda weto hukukly 5 ýurtdan ybarat geňeşçi agzalarynyň arasynda agdyklyk edýän pikiriň reforma zerurlugydygyny aýtdy.

Ban Ki-mun şu we beýleki meseleler, şol sanda Eýranyň ýadro programmasy we “Wikileaks” saýtynyň golaýdaky paş edişleri barada Astanada, ÝHHG-niň sammitiniň öňüsyrasynda Azatlyk Radiosyna interwýu berdi.



Azatlyk Radiosy: Jenap Baş sekretar, ilkinji soragy “Wikileaks” saýtynyň dünýä ýüzünde şowhun turzan paş edişliginden başlamakçy. Birleşen Ştatlaryň ozalky gizlin diplomatiki maglumatlarynda Döwlet departamentiniň amerikan diplomatlaryna siz we BMG-niň baş edarasyndaky beýleki uly işgärler hakda maglumat toplamagy tabşyrandygy aýdylýar. Bu sizi aladalandyrdymy?

Ban Ki-mun: Meniň sözçim bu mesele bilen bagly beýanat ýaýratdy. Men ozaly siziň şol beýanaty ileri tutmagyňyza umyt baglaýaryn. Umuman aýdylanda, men hiç bir adam öz hereketleriniň başga biri tarapyndan gözegçilik astynda saklanmagyna hoşwagt bolmazmyka diýýärin. Muňa garamazdan, BMG-niň Baş sekretary hökmünde, men öz işimiň we hereketlerimiň açykdygyny we halkara jemgyýetçiliginiň yzygider gözegçiligi astyndadygyny bilýärin. BMG-niň işleri açyk we biz halkara jemgyýetçiliginiň talaplaryny ödemek üçin öz elimizden gelen tagallany edýäris.

Azatlyk Radiosy: Emma sizi şu faktyň özi alada goýmadymy?

Ban Ki-mun:
Meniň agzan beýanatymda Birleşen Milletler guramasynyň agza döwletleriniň ählisiniň BMG-niň eldegrilmesizliklerini we ýeňilliklerini hormatlamak we goramak barada dowam edýän konwensiýalara we şertnamalara berk eýermelidigi görkezilýär.



Azatlyk Radiosy: Başlyklygyň öz mysalyňda görelde görkezmekligi aňladýandygyna ynanýan adamlaryň köpüsi Gazagystanyň, esasy adam hukuklary we azatlyklary meselesinde öz meselesi hem az bolmadyk ýurduň Ýewropanyň esasy howpsuzlyk we hukuk guramasyna başlyk bolmagyny sorag astyna alýar. Siz bu barada nähili pikirde, Gazagystanyň şu geçen ýylda ÝHHG-e başlyklygyna nähili baha berýärsiňiz?

Ban Ki-mun: Gazagystan soňky ýylyň dowamynda ÝHHG-niň başlygy hökmünde Gyrgyzystanda we beýleki ýerlerde öz ýolbaşçylygyny we parahatçylyga hem durnuklylyga berlendigini görkezdi. Olaryň Gyrgyzystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň, adam hukuklarynyň orun almagy üçin ÝHHG-niň agzalary we BMG bilen gaty ýakyndan, el-ele berip işleşmegi bellenmäge mynasyp.

Men ÝHHG-niň prezident N.Nazarbaýewiň ýolbaşçylygyndaky sammiti mahalynda hem ÝHHG-niň agzalarynyň parahatçylykdan we durnuklylykdan, adam hukuklaryndan, tebigaty goramakdan ýadro ýaragsyzlanmasyna çenli aralykda umumy alada döredýän ähli meseläni çözmäge başarnyk tapjagyna çyn ýürekden umyt baglaýaryn. Bu meseleleriň hemmesi möhüm we biziň çözmegimize mätäç.

Şeýle-de Gazagystan BMG-niň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri we sosial we ykdysady ösüş meselesinde uly öňegidişlik gazandy. Men Gazagystan adam hukuklaryny hormatlamak meselesinde hem gowy öňegidişlik gazanar diýip umyt edýärin. Biz bu barada gazak ýolbaşçylary bilen hem maslahat etdik we men olar Adam hukuklary geňeşiniň rekomendasiýalaryny doly durmuşa geçirer diýip umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Golaýda 40 sany alym we syýasy analist Birleşen Ştatlary Eýran baradaky syýasatyna gaýtadan seretmäge hem-de Tähranyň halkara gözegçiligi astynda uran baýlaşdyrmak hukugyny ykrar etmäge çagyrdy. Siziňçe, Tähran babatdaky syýasata düýpli suratda gaýtadan seretmegiň wagty geldimi?

Ban Ki-mun: Men bu mesele barada eýran ýolbaşçylary, şol sanda prezident M.Ahmedinejad bilen hem köp gezek maslahatlaşdym. Şeýle-de men eýran häkimiýetlerini Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli rezolýusiýalaryny doly ýerine ýetirmäge çagyryp gelýärin. Men olary Halkara atom energiýasy gullugy (HAEG) bilen doly hyzmatdaşlyk etmäge çagyryp gelýärin.

Ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky şertnamanyň agzalarynyň ählisiniň ýadro energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmaga doly haky bar. Ýöne muňa garamazdan, olar özleriniň ýadro energiýasyny parahatçylykly maksat esasynda ulanýandygyny subut etmeli. HAEG-nyň golaýdaky hasabaty olaryň (Eýranyň) bu talaby ödemändiginii görkezýär. Bu ýerde jogapkärçilik eýran häkimiýetleriniň öz üstüne düşýär, olar özleriniň harby maksatdan ugur almaýandygyny, parahatçylykly maksada eýerýändigini subut etmeli, bu olaryň öz jogapkärçiligi.

Azatlyk Radiosy: Siziň Tährana gitmek planyňyz barmy? Siziň hususy gatyşmaňyz bu ýadro petiginden çykmak meselesini çözmäge itergi bermezmi?

Ban Ki-mun: Men wagty gelende ýa mümkinçilik bolanda Tährana sapar etmek mümkinçiligini hiç bir jähtden aradan aýyrmaýaryn.



Azatlyk Radiosy: Geliň indi Ermenistan we Azerbaýjan meselesine geçeliň. BMG 1993-nji ýyldan bäri Dagly-Garabag barada dört rezolýusiýa kabul etdi, emma olardan netije az boldy. BMG bu rezolýusiýalaryň ýerine ýetirilmegi üçin näme edip biler?

Ban Ki-mun: Men ÝHHG-niň Minsk toparynyň bu mesele babatda alyp barýan dowamly işine bil baglaýaryn. Men taraplaryň ähli meseläni gepleşik arkaly çözmek pozisiýasynda galmagyna umyt baglaýaryn we golaýdaky gepleşikler belli bir öňegidişlik döretdi diýip düşünýärin. Men, ýene bir gezek aýdýaryn, Azerbeýjan we Ermenistan mümkin boldugyça çalt bu meseläni parahatçylykly çözmegiň esasy ýörelgeleri barada ylalaşar diýip umyt edýärin. Şoň bilen bir wagtda men degişli taraplary, Azerbaýjany we Ermenistany Aragatnaşyk liniýasynyň boýunda öjükdiriji hereket etmekden saklanmaga we Aragatnaşyk liniýasynyň boýunda ýerleşdirilen mergenleri ol ýerden aýyrmaga çagyrýaryn. Bu diňe şol iki tarapa däl, eýsem bu gepleşikleri parahatçylykly ugra gönükdirmek ugrunda jan edýän toparlara hem kömek bolar.



Azatlyk Radiosy: Siz Howpsuzlyk Geňeşini reforma etmek meselesinde näme pikir edýärsiňiz? Siz hemişelik agzalyk, aýdaly, prezident Obamanyň ýaňzydyşy ýaly, Hindistan ýaly ýurtlaryň hasabyna giňeldilmeli diýip, pikir edýärsiňizmi? Siziňçe, ideal Howpsuzlyk Geňeşi nähili bolmaly?

Ban Ki-mun: BMG-niň agza döwletleriiň arasynda Howpsuzlyk Geňeşinde reforma edilmelidigi, onuň has açyk, has köp wekilçilikli, has demokratik ugurly, soňky altmyş ýylda bolup geçen ägirt uly özgerişlikleri hasaba alýan gurama bolmaldygy barada umumy pikir-garaýyş bar. Agza döwletler bu meseläni işjeň maslahatlaşýarlar. Men bu ýerde Howpsuzlyk Geňeşiniň reforma edilmelidigi barada tas birmeňzeş pikiriň bardygyny aýtmakçy. Muňa garamazdan, reformany nähili geçirmeli, reformanyň giňeliş gerimi nähili bolmaly, Howpsuzlyk geňeşinde kimler wekilçilik etmeli, bularyň hemmesi agza döwletleriň gepleşikler arkaly kesgitlemeli zatlary.
XS
SM
MD
LG