Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň Sammiti şu gün Astanada öz işini tamamlar


ÝHHG-niň Astanada düýn açylan ýokary derejeli iki günlük Sammiti Gazagystanyň paýtagtynda şu gün öz işini tamamlar.

Duşuşygyň ilkinji güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton ÝHHG-e agza 56 ýurdy Owganystanda uly rol oýnamaga çagyrdy.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew öz çykyşynda ÝHHG-niň öz mümkinçiliklerini ýitirýändigini, onuň täzelenmäge mätäçdigini aýtdy.

Gazagystan soňky 11 ýylda ilkinji gezek ÝHHG-niň ýokary derejeli Sammitini gurnady. Ol postsowet döwletleriniň arasynda bu gurama başlyk bolan ilkinji ýurtdur.

Şol bir wagtda adam hukuklaryny goraýan halkara guramalar adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga we bejaý etmäge Gazagystany çagyryp gelýärler.
XS
SM
MD
LG