Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Bişkege sapar edýär


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Gazagystanyň paýtagty Astanada geçýän ÝHHG-niň sammitine gatnaşandan soň şu gün Bişkege gelýär.

Kurmanbek Bakyýewiň administrasiýasyny çalşyp, onuň ýerine gelen gyrgyz ýolbaşçylary bilen Klintonyň geçirjek gepleşikleriniň esasy temalarynyň biri Gyrgyzystanyň täze Konstitusiýasy hem bu ýurduň ýurdy dolandyrmagyň prezident formasyndan parlament dolanlyryş görnüşine geçmegi bolar.

Beýleki serediljek meseleleriň arasynda Merkezi Aziýa regionynda demokratik reformalary ilerletmek, Owganystana ýük daşamak üçin Gyrgyzystanyň “Manas” aeroportunyň territoriýasyny mundan beýlägem peýdalanmak ýaly meseleler bar.
XS
SM
MD
LG