Sepleriň elýeterliligi

Ýewropada güýçli ýagýan gar uly kynçylyklar döredýär


Çylşyrymly howa şertleri sebäpli Ýewropa transport problemalary bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Fransiýanyň, Çehiýanyň, Germaniýanyň aeroportlary dowam edýän güýçli gar ýagmasy sebäpli reýsleri ýatyrmaga mejbur boldy. Käbir terminallaryň işi doly togtadyldy.

Italiýada ýagýan çagbaly ýagyş Wenesiýada suw joşgunyny döretdi, Pompeýlerde iki taryhy bina zyýan etdi.

Ýagyş Albaniýada-da ýagýar. Bu ýurduň demirgazygynda adatdan daşary ýagdaý režimi girizildi.

20 gradusa çenli sowuk 15 adamyň ölümine sebäp boldy, olaryň sekizisi Polşada.
XS
SM
MD
LG