Sepleriň elýeterliligi

Amazon.com “WikiLeaks” saýtyny goldamakdan ýüz öwürdi


Meşhur Amazon.com internet hyzmaty ýakynda amerikan gizlin diplomatik materiallaryny çap eden “WikiLeaks” saýtyny mundan beýläk goldamakdan ýüz öwürdi.

Hakerleriň hüjümi sebäpli “WikiLeaks” wagtlaýynça Amazon.com saýtynyň serwerine geçipdi.

Amerikan administrasiýasy iki saýtyň arasyndaky ylalaşygyň ýatyrylýandygyny habar berdi.

Senator Jo Liberman “WikiLeaks” bilen hyzmatdaşlyk edýän beýleki saýtlary-da Amazon.com saýtynyň göreldesine eýermäge çagyrdy.

Gizlin maglumatlaryň syzyp çykmagy sebäpli jenaýat derňewiniň başlanandygyny Waşington habar berdi.

“WikiLeaks” saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj Şwesiýanyň haýyşy bilen 1-nji dekabrda Interpol tarapyndan halkara gözlegi yglan edildi, Şwesiýada ony zorlamakda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG