Sepleriň elýeterliligi

Geljek hepde Waşingtonda üçtaraplaýyn duşuşyk geçiriler


Geljek hepdäniň duşenbe güni Waşingtonda ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlarynyň duşuşygy bolup, onda Koreý ýarymadasynda ýagdaýyň ýitileşmegi maslahat ediler.

Demirgazyk Koreýanyň esasy syýasy we ykdysady partnýory Hytaý ýakynda Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy boýunça altytaraplaýyn konsultasiýalara gyssagly başlamaga çagyrdy.

Phenýan ozaly bilen ABŞ, Orsýet, Hytaý, Ýaponiýa we Günorta Koreýa bilen gepleşikleriň çäginde gelnen ylalaşygy ýerine ýetirmäge taýýardygyny görkezsin diýmek bilen Ak Tam Hytaýyň şol çagyryşyny kabul etmedi.

Ýakynda Günorta Koreýanyň bir adasyny Demirgazyk Koreýanyň top okuna tutmagy regionda dartgynlylyk döretdi. Şol wakada jemi dört adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG