Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geljek ýyldan Orsýetde daşary ýurtlular satyjy bolmaz


Orsýetde 2011-nji ýyldan bazarlarda we dükanlarda söwda etmek üçin daşary ýurtlulary hakyna tutmak gadagan edilýär.

Düýn hökümetiň internet saýtynda çap edilen karardan mälim bolşuna görä, täze ýyldan alkgolly içgileriň söwdasy hem daşary ýurtlular üçin gadagan edilýär, şol gadaganlyk sanawynda derman söwdasy-da bar.

Bu karara Orsýetiň Saglygy saklaýyş we sosial ösüş ministrliginiň düşündiriş berjekdigi saýtda bellenipdir.
XS
SM
MD
LG