Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Geňeşi eýranly zenanyň öldürilmegini ýazgardy


Ýewropa Geňeşi adam öldürmekde aýyplanan eýranly zenan Şahly Žahediň öldürilmegini ýazgardy.

Ýewropa Geňeşiniň baş sekretary Turbýorn Ýaglan şeýle adamkärçilige sygmaýan kararyň wagşylyk bilen ýerine ýetirilendigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu waka eýran häkimiýetleriniň esasy adam hukuklaryny äsgermezlik edýändigine ýene bir subutnamadyr.

Adam hukuklaryny goraýan halkara “Amnesty International” guramasy asyp öldürmek jezasyny ýatyrmaga çagyryş edipdi.
XS
SM
MD
LG