Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hillary Klinton gyrgyz resmileri bilen gepleşik geçirdi


Şu gün Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Gyrgyzystanyň ýokary derejeli resmileri, şol sanda prezident Roza Otunbaýewa bilen hem Bişkekde gepleşik geçirdi.

Aprel aýynda ýurduň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soňra, häzirki wagt Gyrgyzystan sebitde ilkinji parlamentar domokratiýany döretmek üçin tagalla edýär.

"Köpler Merkezi Aziýada we dünýäniň käbir beýleki künjeklerinde parlement demokrasiýasyny, hakyky parlament demokrasiýasyny gurmaklygyň mümkin däldigini aýdýarlar. Biz munuň bilen ylalaşmaýarys, sebabi, biziň pikirimizçe, Gyrgyzystan muny amala aşyryp bolýandygyny eýýäm subut etdi” diýip, Hillary Klinton çykyş etdi.

Şu hepdäniň başynda ýurduň parlamentinde hökümet koalisiýany düzmek boýunça ylalaşyga gelnipdi.
XS
SM
MD
LG