Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda koalisiýa güýçlerinden iki esger öldi


Şu gün Owganystanda amala aşyrylan partlamalarda halkara koalisiýa güýçleriniň hataryndan iki esgeriň ölendigi habar berildi.

NATO-nyň berýän maglumatlaryna görä, düýn köçe ýakasyndaky partlama netijesinde bir esger, şu gün hem şoňa meňzeş partlamada bir esger ölüpdir.

Ýöne bu heläk bolan esgerleriň haýsy ýurtlaryň raýatlarydygy barada barada heniz anyk maglumat alynmady.

Berilýän maglumatlara görä, şu ýylyň dowamynda Owganystanda halkara güýçleriniň hataryndan 670 esger ölüpdir.

Häzirki wagt Owganystanda halkara güýçlerinden 150 müň çemesi esger bar.
XS
SM
MD
LG