Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«WikiLeaks» Orsýetiň hökümeti barada maglumat ýaýratdy


«WikiLeaks» internet saýtynyň soňky ýaýradan maglumatlarynda Orsýetiň hökümetiniň gurmaçylykly jenaýat toparlary bilen aragatnaşygynyň bardygy aýdylýar.

«WikiLeaks» saýtynyň maglumatyna görä, Ispaniýanyň baş prokurory Jose Gonzalez Birleşen Ştatlaryň resmilerine Orsýete «mafiýa hökümeti» hökmünde garaýandygyny aýdypdyr.

Şeýle-de, Gonzlaes Orsýetiň syýasy partiýalary jenaýat toparlary bilen el-ele berip işleşýändiklerini we aňtaw gulluklarynyň şol jenaýatçylaryň kömegi bilen bikanun ýarag söwdasyny amala aşyrýandygyny hem habar beripdir.

Şol maglumatlarda aýdylmagyna görä, Jose Ganzalez Wladimir Putiniň rus mafiýasy bilen gatnaşygynyň bardygyny hem güman edýändigini mälim edipdir.

«WikiLeaks» saýtynyň başga bir maglumatynda Putiniň Aleksandr Litwinenkonyň öldürilmegine hem dahyllydygy baradaky piker öňe sürülýär.
XS
SM
MD
LG