Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ÝHHG-niň Astanadaky Sammiti öz işini tamamlaýar


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düýn Astanada açylan ýokary derejeli iki günlük Sammiti şu gün öz işini tamamlaýar.

Duşuşygyň birinji güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton ÝHHG-ä agza 56 ýurdy Owganystanda uly rol oýnamaga çagyrdy.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedýew öz çykyşynda ÝHHG-nyň öz mümkinçiliklerini ýitirýändigini, şeýle-de onuň täzelenmäge mätäçdigini aýtdy

Gazagystan soňky 11 ýylda ilkinji gezek ÝHHG-niň ýokary derejeli Sammitini gurnady. Ol postsowet döwletleriniň arasynda bu gurama ýolbaşçylyk edýän ilkinji ýurtdur.

Şol bir wagtda, adam hukuklaryny goraýan halkara guramalar Gazagystany adam hukuklaryny goramaga we berjaý etmäge çagyryp gelýärler.
XS
SM
MD
LG