Sepleriň elýeterliligi

Astana ylalaşygy agsaýar


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (sagda) we daşary işler ministri Kanar Saudabaýew ÝHHG-niň Sammitinde, 1-nji dekabr.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (sagda) we daşary işler ministri Kanar Saudabaýew ÝHHG-niň Sammitinde, 1-nji dekabr.

Gazagystanyň paýtagty Astanada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň 10 ýyldan soň geçirilen ilkinji Sammiti tamamlandy. Emma bu howpsuzlyk toparynyň geljekki roluny güýçlendirmek üçin göz öňünde tutulan iş plany barada gelnen ylalaşyk entek ýok.

Sammite gatnaşan dünýä liderleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Ýewropada, şeýle hem öňki sowet respublikalarynda konfliktleriň öňüni almakda we olary çözmekde soňky ýyllarda öz wezipesini ýerine ýetirip bilmändigini boýun aldylar.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew metbugat konferensiýasyny geçirip, Sammitiň gutarnykly netijelerini yglan etmelidi. Emma ol bu konferensiýany yza süýşürdi. Ol mundan öň delegatlaryň öz pikir tapawutlyklaryny aradan aýryp, bir Jarnama barada ylalaşmakalaryny umyt edýänligini aýdypdy.

Italiýanyň premýer-ministri Silwio Berluskoni hem şu gün Sammitde çykyş edip, hakyky agzybirlik ruhuny görkezip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň geljegi barada aýratyn maksatlaryň öňde goýulmagyny haýyş etdi.

Häzir ÝHHG-e ýolbaşçylyk edýän Gazagystanyň daşary işler ministri Kanat Saudabaýew Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen Nazarbaýewiň arasynda çarşenbe güni geçirilen gepleşikden soň ýagdaýy oňaýly suratlandyrmaga synanyşdy.

“Gazagystanyň netijeli ýolbaşçylygynyň hem-de Astananyň ÝHHG-niň 21-nji asyrdaky ilkinji Sammitini gurnamagynyň ÝHHG-niň jogapkärçilik sferasyndaky howpsuzlyk we ösüş hyzmatdaşlygyna täze güýç berendigi bilen taraplar ylalaşdylar” diýip, Saudabaýew aýtdy.

Emma kararlar ÝHHG-niň 56 agzasynyň hemmesiniň razyçylygy bilen çykarylýar. Şol sebäpden jemleýji beýannamany ýa-da “iş planynyň strukturasy” diýilýän dokumenti islendik ýurt togtadyp bilýär.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Astanadaky Sammitde, 1-nji dekabr.
Diplomatlar özara söhbetdeşlikde: “Täze iş planynyň gijikdirilmegine sebäp bolan zat - aýratyn jedelli meselelere salgylanylmagy” diýýärler. Bu Moldawadan aýrylmaga synanyşýan region Transdniesteri, Gürjüstan bilen Orsýetiň arasyndaky dartgynlygy, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Daglyk-Garabag barada dowam edýän konflikti hem öz içine alýar.

Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky dartgynlygy çözmek üçin Sowuk uruş forumy hökmünde gurlan ÝHHG agza döwletleriň arasynda uzak wagtdan bäri çözülmän ýatan konfliktler, şeýle hem terrorizm, serhet howpsuzlygy we internet jenaýatçylygy ýaly täze kynçylyklar sebäpli öz ähmiýetini dowam etdirmäge synanyşýar.

Çarşenbe güni hem Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillary Klinton hem-de Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyny, 21-nji asyryň howpsuzlyk talaplaryny ödär ýaly, ony täzelemegi ündediler.

Emma Klinton we Medwedew Gürjüstan bilen onuň separatistik regionlarynyň arasyndaky konflikt ýaly meselelerde Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasynda ylalaşmazlyklaryň bardygyny-da bildirdiler.
XS
SM
MD
LG