Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«WikiLeaks» nemes resmisiniň wezipesinden gitmegine sebäp boldy


«WikiLeaks» internet saýtynda amerikan diplomatik dokumentleri çap edilenden soň, Germaniýanyň «Azat demokratik partiýasynyň» ýolbaşçy geňeşi bu partiýanyň ýokary derejeli resmisini wezipesinden boşatdy.

Çap edilen dokumentlerden «Azat demokratik partiýasynyň» lideriniň apparatynyň baştutany Helmut Mesneriň we ýurduň daşary işler ministri Gido Westerwelläniň Berlindäki amerikan ilçihanasyna gizlin informasiýalary berendikleri belli boldy.

Helmut Mesner amerikan diplomatlaryna 2009-njy ýylyň oktýabrynda Germaniýanyň dolandyryjy koalisiýasyny düzmek boýunça gepleşikleriň gidişi barada maglumat beripdir.
XS
SM
MD
LG