Sepleriň elýeterliligi

Ukrain parlamenti Salgyt baradaky täze kanuny kabul etdi


Düýn Ukrainanyň Ýokary Radasy (parlamenti) prezidentiň düzedişlerinden soň, Salgyt baradaky täze kodeksi kabul etdi.

Ses berişlige gatnaşan 417 deputatyň 268-si bu dokumentiň kabul edilmegini goldady.

Kanunyň ozalbaşky nusgasy 18-nji noýabrda parlament tarapyndan tassyklananda, ol ýurtda protest aksiýalarynyň uly tolkunyny döredipdi.

Hepdäniň ikinji güni prezident Wiktor Ýanukowiç onuň başky taslamasyna weto goýup, oňa käbir düzedişleri girizdi we ony Ýokary Rada hödürledi.
XS
SM
MD
LG