Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň parlamenti özüne başlyk saýlap bilmedi


Düýn Gyrgyzystanyň täze parlamentiniň deputatlary parlamentiň başlygy wezipesine «Ata Meken» partiýasynyň lideri Ömürbek Tekebaýewiň kandidaturasyny tassyklamady. Tekebaýewiň saýlanmagyna üç ses ýetmedi.

«Ata Meken» partiýasynyň lideri Tekebaýewe parlamentiň başlyklyk wezipesini bermek «Ar-namys», «Ata Meken» we Sosial-demokratik partiýalarynyň özara koalision ylalaşygynyň bir bölegidi.

Gyrgyzystanda parlament saýlawlary 10-njy oktýabrda geçirilip, oňa 29 partiýa gatnaşypdy. Şolardan diňe bäş partiýa sesleriň bäş prosentlik çäginden geçip, parlamentden orun almaklygy başarypdy.
XS
SM
MD
LG