Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür Eýranyň ýadro programmasy barada alada galýar


Eýran ýadro ýaragyna eýe bolsa, Müsür hem öz ýadro programmasyna başlar diýlip «WikiLeaks» internet saýtynyň ýaýradan diplomatik maglumatlarynda tassyklanylýar.

Maglumatda bu pikiri Şarm-el-Şeýhde bolan Bütindünýä ykdysady forumynyň geçýän wagty bolan duşuşyklaryň birinde Müsüriň prezidenti Hosni Mubaregiň öňe sürendigi aýdylýar.

Dokumentde Hosni Mubaregiň «Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmak mümkinçiligi tutuş Ýakyn Gündogar regionyny elhenç gorka salar» diýen sözleri getirilýär.

«WikiLeaks» internet saýty ýekşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 250 müňden gowrak gizlin diplomatik dokumentlerini çap etdi.
XS
SM
MD
LG