Sepleriň elýeterliligi

Orsýet 2018-nji ýyldaky ýaryş üçin 300 milliard rubl harçlar


Orsyetiň premýer-ministri Wladimir Putin 2018-nji ýylda Orsýetde geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynda öz ýurdunyň ýygyndy komandasynyň ýeňiji boljagyna ynanýandygyny aýtdy.

Ol şeýle-de stadionlaryň gurluşygy we infrastruktura üçin 300 milliard rubl harç etmeli boljakdygyny belledi.

Putin düýn Halkara Futbol Federasiýasynda dünýä çempionatynyň geçirilmeli ýeri kesgitlenende Orsýeti goldandyklary üçin bu Federasiýanyň ispolkomynyň agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.

Bu ses berişlikde Beýik Britaniýa, Belgiýa, Gollandiýa we Portugaliýa Orsýete bäsdeş boldular.

Düýnki ses berişlikde 2022-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny Katarda geçirmeklik karar edildi. Katar Ýakyn Gündogarda şeýle hukuga eýe bolan ilkinji ýurtdur.
XS
SM
MD
LG