Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyldaky ýangynlarda 40 töweregi adam heläk boldy


Ysraýylyň Haýfa şäheriniň eteklerinde ýüze çykan ýangynlar dowam edýär.

Ysraýylyň Haýfa şäheriniň eteklerinde dowam edýän bu güýçli ýangynda 40 töweregi adam heläk boldy, onlarça adam ýaralandy.

Düýn ýangynly etraplardan 10 müň gowrak adam ewakuasiýa edildi. Ýüzlerçe ýangyn söndüriji bu hadysanyň garşysyna göreşýär.

Ýerli häkimiýetleriň sözlerine görä, bu betbagçylyk ýurduň taryhynda iň uly we weýrançylykly ýangyndyr. Ysraýylda şu ýylyň güýzi aşa yssy hem gurak geldi.
XS
SM
MD
LG