Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda zamunlykdaky iki adam zamunlykdan azat edildi


Owganystanda bir aý gowrak wagt mundan öň zamun alnan golland raýaty we onuň owganystanly bir sürüjisi düýn azat edildi. Bu barasynda düýn Gollandiýanyň DIM-i habar berdi.

Azat edişligiň jikme-jigligi barada habar berilmeýär. Mundan öň Gollandiýanyň häkimiýetleri adam ogrularyna pul tölemekçi däldigini mälim rdipdiler.

Bu halas edilen gollandiýaly raýat maýyp owgan çagalaryna ýardam edýän «Streams Afghanistan» atly gumanitar guramanyň işgäri.
XS
SM
MD
LG