Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň Astanadaky Sammiti deklarasiýa kabul etdi


Gazagystanyň paýtagty Astanada duýn ÝHHG-niň Sammtiniň jemleri boýunça «Jemgyýetçiligiň howpsuzlygyna tarap» at bilen deklarasiýa kabul edildi.

Bu barasynda ÝHHG başlyklyk ediji Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew mälim etdi.

Deklarasiýany kabul etmek uzaga çekdi, çünki ekspertler topary dokumentiň üstünde ýapyk režimde on sagat töweregi işledi. Birnäçe dowlet - Orsýet, Gürjüstan, Moldowa, Ermenistan we Azerbaýjan dokumentdäki özleri bilen bagly konfliktlere degişli düzgünlere garşy çykyş etdiler.

Astanada 1-2-nji dekabrda geçirilen bu Sammite 28 ýurduň döwlet baştutanlary gatnaşdylar. Bu soňky 11 ýylda ÝHHG-niň şeýle ýokary derejede geçiren ilkinji Sammitidir.
XS
SM
MD
LG