Sepleriň elýeterliligi

«WikiLeaks» owgan prezidenti H.Karzaýa ýaramaz baha beripdir


ABŞ-nyň Owganystandaky ilçisi Karl Eýkenberri prezident Hamid Karzaýy «was-was», «gowşak» we «adatdan daşary çekinjeň» lider hökmünde häsiýetlendirdi diýlip «WikiLeaks» internet saýtynda çap edilen amerikan diplomatik dokumentlerinde aýdylýar.

Şol dokumentleriň birinde Eýkenberri Hamid Karzaýy döwlet gurluşynyň iň ýönekeý prinsiplerini-de bilmezlikde aýyplaýar.

Döwlet derejesindäki korrupsiýanyň ýurtda kada öwrülendigi-de habar berilýär.

Alşylan hatlarda owgan hökümet agzalaryna-da häsiýetnama berlipdir. Olarda diňe oba-hojalyk ministriniň parahorlukda aýyplanmadyk ýeke-täk çinownikdigi bellenipdir.
XS
SM
MD
LG