Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NASA täsin açyş etdi


Ýaşaýşyň täze we täsin formasynyň üstünden baran alymlar toparyna ýolbaşçylyk eden NASA-nyň astrobiology Felisa Wolf Simon Waşingtonda, 2-nji dekabr.
Ýaşaýşyň täze we täsin formasynyň üstünden baran alymlar toparyna ýolbaşçylyk eden NASA-nyň astrobiology Felisa Wolf Simon Waşingtonda, 2-nji dekabr.
ABŞ-nyň astronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça Milli administrasiýasy (NASA) ‘Ýer şaryndan daşarda ýaşaýyş barmy’ diýen sorag boýunça alnyp barylýan gözleglere goşant goşjak täze bir açyşy edendigini mälim etdi.

Mundan öň “beýleki planetalarda hem adamyň bardygy anyklanypdyr” diýen myş-myşlar ýaýrapdy welin, ýöne NASA-nyň täze habary şol myş-myşlara suw serpilen ýaly etdi. Şeýlelikde “tutuş Älemde biz ýekemi” diýen soraga berilýän jogap ýene-de şol öňki ýaly - “hawa, biz ýeke”.

Emma NASA-nyň alymlary özleriniň eden açyşynyň ýeke beýleki planetalarda däl, hut şu Ýer şarynyň özünde-de ýaşaýşyň gaty gyzyklydygyny görkezýändigini aýdýarlar.

Ýaşaýşyň täze we täsin formasynyň üstünden baran alymlar toparyna ýolbaşçylyk eden NASA-nyň astrobiology Felisa Wolf Simon. Bu täze ýaşaýyş formasy diýilýän hem garaşylan zat däl. Ol zäherli töwerege uýgunlaşyp, şol ýerde giňden ýaýran bir mikrob.

“Bu bakteriýa üýtgeşik ýollar bilen iş alyp baryp, beýleki mümkin zatlaryň hem ýoluny açypdyr. Ol dirilik meselesini bütünleý tapawutly ýol bilen çözüpdir” diýip, astrobiolog Wolf Simon belleýär.

GFAJ-1 diýlip tanalýan bu mikrob diňe Kaliforniýada ýerleşýän köl - Mono Leýkde bar. Bu kölüň suwy adaty bir suw däl. Onda aşa köp myşýak bar. Bu hem ähli organizmler üçin zäherli element hasaplanýar.

Wolf Simonyň aýtmagyna görä, GFAJ-1 mikroby myşýakdan diňe dirilik üçin gerek bolan güýji almak bilen çäklenenok, ol ony öz öýjüginiň esasy böleklerine hem siňdirýär.

Has dogrusy, GFAJ-1 mikroby häzirki wagtda bilinýän ähli ýaşaýyş formalarynyň öýjük gurluşyndaky esasy komponentleriň biri bolan fosforyň ýerine myşýakdan peýdalanýar.

Lewis Dartnell Londonyň Planeta ylymlary merkezinde astrobiolog. Onuň pikiriçe, bu açyş adamzadyň ýaşaýyş parametrleri baradaky düşünjerlerini üýtgedýär.

“Biziň ýaşaýyş hakda şu çaka çenli bilýän zatlarymyz onuň uglerod, wodorod, kislorod, azot, kükürt we fosfor ýaly elementlerden emele gelendigi. Tutuş ýaşaýyş esasan şu elementlerden düzülen uly molekulalar toplumy. Onsoň fosforyň ýerine myşýak ulanýan bakteriýanyň tapylmagy gyzykly açyş. Bu biziň düşünjämiz boýunça ýaşaýyş bloklaryny emele getirýän esasy biohimiýany üýtgedýär” diýip, Dartnell aýdýar.

Ekspertler: “Täze öýjük gurluşynyň tapylmagy ýaşaýyş konsepsiýasyny öwrenmekde bütünleý täze ýollar açýar” diýýäler.

Sara Siger Massaçusetsiň Tehnologiýa institutynyň (MIT) professory. Ol şu wagta çenli geçirilen barlaglarda ýaşaýşyň başga formalarynyň diňe Ýeriňki ýaly şertlere eýe bolan planetalardan gözlenendigini, ýöne indi bu gözlegi giňeldip bojakdygyny aýdýar.

“Bu açyş adamlara beýleki planetalarda ýaşaýyş formalarynyň başga görnüşleriniň hem bardygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Biz, aýratyn-da, Marsda ýa Titanda (Saturnyň hemrasy) ýa-da Gün sistemasynyň daşyndaky planetalarda ýaşaýyş formasy bardyr diýip pikir etmegi gowy görýäris. Indi düýpliräk pikirlenmäge mümkinçilik bar” diýip, Siger aýdýar.
XS
SM
MD
LG