Sepleriň elýeterliligi

ABŞ bilen Ýaponiýa bilelikdäki harby türgenleşige başladylar


Şu gün Birleşen Ştatlar bilen Ýaponiýa bilelikdäki harby türgenleşige başladylar. Bu türgenleşik Günorta Koreýanyň adalaryna Demirgazyk Koreýanyň snarýad oklaryny atmagy bilen bagly dörän dartgynly ýagdaýlaryň fonunda geçirilýär.

Okinawa adalarynyň günorta kenarlarynda geçýän bu türgenleşige 45 müň çemesi harbylaryň gatnaşýandygy habar berilýär.

Bu türgenleşik bilen baglylykda Hytaýyň Daşary işler ministrligi öz aladasyny bildirdi. Hytaý tarapy bu türgenleşigiň regiondaky dartgynly ýagdaýlary aradan aýyrmajakdygyny hem nygtady.

Berilýän maglumatlara görä, ABŞ bilen Ýaponiýanyň geçirýän bu türgenleşigi Demirgazyk Koreýanyň Günorta Koreýa hüjüminden bir aý öň planlaşydyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG