Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Polşada güýçli sowuk howa sebäpli 12 adam öldi


Polşanyň resmileriniň berýän maglumatlaryna görä, geçen gijäniň dowamynda sowukdan 12 adam ölüpdir. Polşada güýçli sowuk howa netijesinde soňky üç günüň dowamynda 30 töweregi adam heläk boldy.

Şeýle-de, ýurduň günorta Çestoçowa şäherinde ýüze çykan tehniki näsazlyklar sebäpli 150 müň çemesi adam ýyladyş sistemasyndan mahrum boldular.

Habar agentlikleriniň maglumlataryna görä, ýurduň resmileri bu näsazlyklary aradan aýyrmak üçin alada edýärler.

Her gyş Polşada howanyň güýçli sowamagy sebäpli onlarça adam ölýär.

Häzir agyr gar ýagmagy we sowuk howa şertleri netijesinde Ýewropanyň demirgazygyndaky ýurtlaryň köpüsinde transport kynçylyklary döredi.
XS
SM
MD
LG