Sepleriň elýeterliligi

Yrakda bolan ulag heläkçiliginde 16 sany zyýaratçy öldi


Şu gün Yragyň hökümet resmileri Bagdadyň günorta sebitinde iki awtobusyň çakyşmagy netijesinde 16 adamyň ölendigini habar berdiler.

Bu waka ýüz beren wagty awtobusdakylar Yragyň şaýy musulmanlarynyň mukaddes ýerlerine zyýarata barýan ekenler.

Ýerli polisiýa edarasynyň resmisi Muthana Khalidiň berýän maglumatyna laýyklykda, eýranly we ýrakly zyýaratçylaryň awtobuslarda Hillah şäherine barýan wagty olaryň ulaglary çaknyşyp, agdarýlypdyr.

Bu ýol heläkçiliginde iki sany yrakly we 14 sany eýranly ölüpdir.
XS
SM
MD
LG