Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda täze ýolagçy otlusy sagatda 486 km. tizligi görkezdi


Şu gün Hytaýda täze ýolagçy otlusy synag edilen wagty onuň iň ýokary tizligi görkezendigini Hytaýyň metbugaty habar berdi.

Habar agentlikleriniň maglumatyna görä, Pekin-Şanhaý arasynda açylmagy göz öňünde tutulýan täze demir ýolda geçirilen synag gatnawynda otly sagatda 486 kilometr tizlk bilen hereket edipdir.

Bu täze demir ýoly 2012-nji ýylda işe girizmeklik göz öňünde tutulýar. Bu demir ýoluň üsti bilen Pekinden Şanhaýa çenli gatnaw wagtynyň häzirkiden iki esse azalyp, 5 sagada golaý boljakdygy habar berilýär.

Hytaý bu demir ýoly gurmak üçin 32.5 milliard dollar harç etdi.
XS
SM
MD
LG